HAVA DURUMU

- Hoşgeldiniz - Sitemizde 16 Kategoride 5143 İçerik Bulunuyor.

SON DAKİKA

22- ýyllyk Türkmenistan Bitaraplyk bayramynyz gutly bolsun!

11 Aralık 2017 - 536 views kez okunmuş
Ana Sayfa » Genel»22- ýyllyk Türkmenistan Bitaraplyk bayramynyz gutly bolsun!
22- ýyllyk Türkmenistan Bitaraplyk bayramynyz gutly bolsun!

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap
Türkmenistan Diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga beslenýär. Her bir ynsanyň durmuşynda bolup
geçişi ýaly, halkyň, döwletiň ykbalynda hem ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar bolup geçýär. Şeýle wakalaryň
biri hem gün-günden ösýän, özgerýän ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesini almagydyr. Bu barada hormatly
Prezidentimiz: «Bitaraplyk taglymaty mähriban Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän we gurýan
merdana, bagtyýar halkymyza ýeňişleri gazanmaga ruhy güýç berýär hem-de halklaryň arasynda
parahatçylygyň, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýola goýulmagyna oňyn täsir edýär» diýip belleýär.

muhtar fatih

muhtar fatih

 

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri
döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Halkara hyzmatdaşlygyny
ösdürmekde we umumadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda milli Liderimiziň
alyp barýan syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýar. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen
işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasynyň 46-njy sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň bu Guramanyň deňhukukly agzalygyna
kabul edilýändigi hakynda karar kabul edildi.Agza ýurtlaryň her biri Birleşen Milletler Guramasynyň
Tertipnamasynda beýan edilen, halkara gatnaşyklarynyň esasy ýörelgelerine esaslanýan şertleri öz. üstüne borç
edip alýar.Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde Türkmenistanyň
Bitaraplygynyň ikinji gezek, özem 193 döwlet tarapyndan ykrar edilýändigi baradaky hem-de 71-nji
maslahatynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýalar biragyzdan
kabul edildi. Munuň özi Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilige, oňyn Bitaraplyga eýerýän daşary syýasatynyň
bütin dünýä ýüzünde ykrar edilmegidir. Indi 22 ýyl bäri türkmen topragynda Bitaraplyk güni her ýyl dabaraly
ýagdaýda şowhunly, şagalaňly bellenilýär. Goý, toý-baýrama beslenen Diýarymyz güllesin, össün! Başlarymyzyň
täji, gözlerimiziň röwşeni bolan Bitarap türkmen döwletimiziň ömri dowamat-dowam bolsun! Ümmülmez älem
giňişliginde türkmeniň mertebesiniň has-da belende göterilmegi ugrunda tagallalar edýän hormatly
Prezidentimiziň başy dik, jany sag bolup umumadamzat bähbitli beýik başlangyçlary, döwletli tutumlary hemişe
rowaç alsyn! Dünýä Türkmenleriniň Ynsanperwer Birleşiginiň Prezidenti “Arkadaga şöhrat!” hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň .
Sizi Türkmenistanyň milli baýramy — hemişelik Bitaraplygymyzyň 22- ýyllyk şanly baýramy bilen
ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň Ýer ýüzündäki at-abraýy, şan-şöhraty has-da
belende galsyn! Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan jogapkärli işleriňizde uly
üstünlikleri Türkmenistanymza Watanymyzyň ulydan uly Ösüşler arzuw edýärin!
Dr.Muhtar FATİH
Suriye Türkmen Doktorlar Birliği
Syrian Turkmen Doctors Association

Facebook Hesabınızla Yorum Yapabilirsiniz

İlgili Terimler :
Bilmate